Aýlawy baglan bedewler

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýekşenbe güni ir säher bilen badalga alan at çapyşyklarynyň başyny ýetginjek çapyksuwarlar üçýaşar bedewler bilen açdylar. Birinji çapyşyk 1200 metr aralyga geçirilip, onda M.Oçyýewiň hojalygyna degişli bolan Täçsoltan atly dor gysrak 1 minut 5 sekunt wagtda pellehanadan geçip, ýeňiji bolmagy başardy. D.Atdaýewiň hojalygyna degişli Alsakar atly al at, B.Hudaýnazarowyň hojalygyna degişli Mahmal atly gara gysrak çapyşygyň ikinji we üçünji baýrakly orunlaryna mynasyp boldular. Ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň we gysraklaryň arasynda çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Netijede, welaýat Polisiýa müdirligine degişli Sähetli atly gara at 1200 metr aralygy 1 minut 21 sekunt wagtda geçip, aýlawy birinji bolup tamamlady. D.Atalykowyň hojalygyna degişli Haýbatly atly dor aty ikinji, H.Orazmyradowyň Altynaý atly dor aty pellehanadan üçünji bolup geçdi. Dört we uly ýaşar atlaryň arasyndaky üçünji çapyşykda welaýat tokaý hojalygynyň Gunduz atly dor aty 1200 metr aralygy 1 minut 24 sekuntda geçip, öňdeligi eýeledi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Tulpar atly akýal mele aty, Daşoguz döwlet athanasynyň Arkadaş atly mele aty ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Dördünji çapyşyk hem çekeleşikli pursatlara baý boldy. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Abraýly atly dor aty 1200 metr aralygy 1 minut 21 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy. D.Atalykowyň hojalygyna degişli Sylap atly al at ikinji, A.Dädebaýewiň Pereň atly dor aty üçünji orunlary eýelediler. Ş.Amangeldiýewiň hojalygyna degişli Garagum atly gara at bäşinji aýlawyň ýeňijisi bolup, dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralygy 1 minut 20 sekuntda geçmegi başardy. Pellehanadan Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk toplumynyň Gaýra atly gyr aty ikinji bolup geçdi. Çapyşygyň üçünji baýrakly ornuna Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Alguş atly al aty mynasyp boldy.
Ýeňiji bolan bedewleriň sagrysyna serpaýlar ýapylyp, ezber çapyksuwarlara gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

Автор записи: admin