Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş ulgamy hem güýçli depginde kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryşyň esasy maksady ätiýaçlandyryş halatlary diýlip atlandyrylýan ätiýaçlandyrylan şahslara we emläklere ýüze çykýan hadysalar netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan, girdejileriň durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň netijeli guraly hökmünde ätiýaçlandyryşa bolan isleg artýar.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda, onuň welaýatlardaky guramalarynyň hemmesinde täze, döwrebap enjamlara daýanýan programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Munuň özi maglumatlary alyşmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle programma üpjünçiliginiň esasy aýratynlygy olarda maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilýändigindedir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalaryň arasynda maglumat alyş-çalşygy ýeňilleşdirýär. Bu programma üpjünçiliginiň girizilmegi bilen, welaýat, şäher, etrap guramalarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygynyň işi optiki-süýümli aragatnaşygyň üsti bilen ýerine ýetirilýär we şol arkaly wideoşekilli maslahatlar, okuwlar guralýar.
Häzirki wagtda ilata hödürlenilýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, müşderilere amatly şertleri döretmek, baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň töleglerini geçirmek üçin raýatlara Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň internet torundaky resmi saýtyny peýdalanmak arkaly, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň kesgitlenen töleglerini, «Altyn asyr» plastik kartlary arkaly nagt däl görnüşinde tölemek mümkinçiligi döredildi. Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanda bolýan wagtynda saglygyny ätiýaçlandyrmak üçin internetiň üsti bilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny resmileşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny «VISA» we «MasterCARD» kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töläp bilýärler. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderilerine emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini, meýletin ätiýaçlandyryşyň 43 görnüşini hödürleýär. Welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki ätiýaçlandyryş guramalaryna gelip ýa-da ätiýaçlandyryş wekilleriniň üsti bilen gysga möhletde hem-de amatly şertlerde şertnamalary baglaşmaga ähli mümkinçilikler bar. Şeýle-de internetiň üsti bilen ätiýaçlandyryşyň www.insurance.gov.tm resmi web-saýtyna girip, özüňizi gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilersiňiz.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatynda gaýragoýulmasyz işler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler diňe bir halkymyzyň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmek bilen çäklenmän, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşine-de ýol açýar.