Aşyklaryň şäheri, aziýanyň merjeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylymyzyň her bir geçen güni bizi ak mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerine barha golaýlaşdyrýar. Bu goşa baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almak höwesi dürli pudaklarda ruhubelent zähmet çekýän her bir türkmenistanlynyň köňül küýsegine hem-de baş maksadyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakynda kabul eden ýörite Permany esasynda bu ajaýyp sene milli senenamamyzda mynasyp orun aldy.
Ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabat il-günümiziň eşretli we bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary hem-de yzygiderli aladalary netijesinde, geçen gysga döwürde täze gurlan hem gurulýan ajaýyp desgalary, durmuş-ýaşaýyş, medeni, ylym-bilim, saglyk maksatly binalary bilen düýpgöter özgerip, Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Munuň özi diňe bir paýtagtymyzyň gül goýnunda eşretli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar aşgabatlylarda däl, eýsem, ähli ildeşlerimizde egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär. Ak mermer paýtagtymyzyň görküne görk goşýan, başy göge ýetýän beýikden-beýik binalar, köşgi-eýwanlar, Gündogar arhitekturasy äheňinde bina edilen ajaýyp desgalar, kaşaň myhmanhanalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni, ylym-bilim ojaklary, dynç alyş we aýdym-saz merkezleri, döwrebap sport desgalary, täsin suw çüwdürimli, gül-gunçaly seýilgähler bagtyýar zamanamyzyň belent ruhuny emele getirip, her bir ynsanyň kalbyny heýjana salýar.
Şular ýaly ajaýyp desgalary gurduryp, ata Watanymyzy ägirt gurluşyklaryň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza 2013-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de şol ýylda gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň ak mermerli binalarynyň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalara öwrüldi. Şeýle toýly günlerde bu taryhy wakalary ýatlamak has-da ýakymly. Aşgabat şäheriniň gününiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň yzysüre, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän «Soňky jaň» dabaralary bilen gabatlaşyp gelmegi bolsa bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň toý-baýramlarynyň goşa-goşadan gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.
2015-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Bagtyýarlyk şaýolunyň çatrygyndaky halkalaýyn ulag ýolunyň merkezinde gurlan «Arkadag» binasynyň açylmagy taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Çünki beýikligi 21 metre barabar bolan, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp ahalteke bedewinde oturan görnüşdäki altyn öwüşginli bu bina türkmen halkynyň öz milli Liderine bolan beýik söýgi-sarpasynyň aýdyň nyşany bolup, ak mermer şäheriň görküne özboluşly görk goşýar. Onuň awtory Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewdir. Şol taryhy gün mundan başga-da, «Abadançylyk», «Ylym», «Ýyldyz» we «Sagdynlyk» binalarynyň açylmagy bagtyýar aşgabatlylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladalary we taýsyz tagallalary netijesinde, Köpetdagyň ajaýyp gerişleriniň birinde binýat tapan äpet sekizburçluk görnüşindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, täsin «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, Oguz han suw çüwdürimler toplumy we belentligi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen mukaddes Döwlet tugumyzyň 133 metr uzynlykdaky flagştogy, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenlerine egsilmez şöhrat getiren döwrebap Olimpiýa şäherçesi gözel paýtagtymyzyň nurana keşbinde bir bitewi ajaýyplygy emele getirýär.
Paýtagtymyz Aşgabatda gurlan, göwün guşuňy ganatlandyryp, buýsanjyňy beýgeldýän şular şaly täsin ýerleriň biri-de ajaýyp «Ylham» seýilgähidir. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şöhratly senesiniň öňüsyrasynda açylan, milli öwüşgine baý bolan bu seýilgäh paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň, şeýle-de çeper söze, döredijilige hormat goýýan ynsanlaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Çünki onda türkmen halkyny äleme meşhur eden Abu Bekr As-Suly, Mäne Baba, Mahmyt Zamahşary, Al Faraby, Mahmyt Kaşgarly, Abu Ali Ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Omar Haýýam, Baýram han, Jahan şa, Mahmyt Pälwan, Nejmeddin Kubra, Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Azady, Magtymguly Pyragy, Andalyp, Zelili, Seýdi, Kemine, Mollanepes we Mätäji ýaly akyldar danalaryň, ylym bilen meşgullanan beýik alymlaryň, pähimdar şahyrlaryň heýkelleri oturdylan. Munuň özi, bir tarapdan, hormatly Prezidentimiziň dünýä medeniýetiniň, sungatynyň hem-de ylmynyň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmeniň beýik ogullaryna sylag-sarpasynyň dereje-belentligini aňlatsa, ikinji bir tarapdan, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň beýik şahsyýetlerimiz bilen tanyşmagynda, olary ata-babalarymyzyň ýörelgelerine eýerýän, döwrebap ylymly-bilimli, medeniýete, sungata, döredijilige hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly, kämil, watansöýüji adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir
Ajaýyp öwüşginli «Ylham» seýilgähiniň meşhur döredijilik adamlaryna bagyşlanan ýodasynda heýkelleri oturdylan Berdi Kerbabaýew, Mämmet Seýidow, Aman Kekilow, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, Kerim Gurbannepesow, Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Gurbannazar Ezizow, Berdinazar Hudaýnazarow, Aşyrberdi Kürt, Allaberdi Haýydow, Ýylgaý Durdyýew, Nury Baýramow ýaly ägirt ýazyjy-şahyrlaryň halkymyzyň milliligine, pähimdarlygyna ýugrulan ajaýyp eserleri döwürdeşlerimiziň her biriniň köňül sandygynda ebedilik orun alandyr. Şolaryň arasynda bolsa beýik akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeli alyslardan howalanyp görünýär. Şeýle pursatlarda beýik akyldaryň «Berkarar döwlet islärin!» diýip arzuwlan zamanasynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuş hakykatyna öwrülendigini sere getireniňde bolsa, kalbyňda:

Автор записи: admin