Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni 2008-nji ýylyň iýunynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onda parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabardyr.
2010-njy ýylda paýtagtymyz jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edildi. Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan binagärlik-heýkeller toplumynda nesilbaşymyz Oguz hanyň hem-de onuň alty oglunyň — Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Dag hanyň we Deňiz hanyň şekilleri ebedileşdirildi.
2011-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy binagärlik aýratynlygyna öwrülen Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy dünýäde iň uly şekil hökmünde ykrar edildi we ol degişli halkara güwänama bilen tassyklanyldy.
Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň hatarynda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan «Älem» medeni-dynç alyş merkezi hem bar. Gümmezi bilen bilelikde belentligi 95 metre ýetýän bu uly bina basgançakly piramidany ýatladýar, şunda synlamak üçin niýetlenen daşky aýlawy 57 metre ýetýän syn ediş çarhy ornaşdyrylypdyr. Häzirki wagtda synlamak üçin niýetlenen bu çarh dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hasaplanýar.
2013-nji ýylyň maýynda Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Dünýä rekordlarynyň täsin sanawynyň üsti 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili bilen ýetirildi. Bu desga binagärlik aýratynlygy — esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmäge teklip edildi.
Paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda, 2017-nji ýylyň awgust aýynda Olimpiýa şäherçesiniň desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gowşurylan güwänama laýyklykda, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň çeper keşbi dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edildi.