Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň we topragyň hasyllylygyny artdyrmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek, ekerançylyk ýerleri suw bilen üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Edilýän aladalaryň, daýhanlarymyzyň arman-ýadaman zähmet çekmekleri netijesinde, bazar bolçulygy döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden, berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şol hatarda öz topragymyzda ýetişdirilýän gök-bakja, miwe önümleri hem döwrebap söwda merkezleriniň üsti bilen halka ýetirilip, olaryň islegi kanagatlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik hem sazlaşykly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň işiniň netijeliligini artdyrmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde, halkymyz ýylyň ähli paslynda gök önümler bilen doly üpjün edilýär. Gök-bakja ekinleriniň bolçulygynyň döredilmeginde daýhanlaryň hem zähmeti, paýy bar. Welaýatymyzda şunuň ýaly tejribeli daýhanlar sanardan köp.
Uludan-kiçi hemmeleriň islegli nygmatlarynyň biri-de gawundyr. Gawun jöwzaly yssyda teşneligiňi gandyrýan bolsa, gyş möwsüminde bu datly nygmaty iýmek özboluşly ýakym berýär. Gawunlary gyş paslynda terligine saklamagyň öz tärleridir tilsimleri bar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gülüstan geňeşliginiň Şark obasynda ýaşaýan Kurýazowlaryň maşgalasy indi ençeme ýyllardan bäri bu iş bilen meşgullanyp gelýärler.
— Ýurdumyzda gawunlaryň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň bişýän wagtlary we görnüşleri biri-birinden tapawutlanýar. Kyrkgünlük, zamça ýaly irbişer gawunlar maý aýynyň ahyrlarynda ýetişýär. Soňra waharman, gyzyl injir, akmaral, gürbek ýaly gawunlar bazarlarymyzy doldurýar. Garrygyz, gülaby, Daşoguz bişegi, Daşoguz gülabysy, garagaş, gök gülaby ýaly görnüşleri bolsa giç ýetişýän gawunlardyr. Şu görnüşlerini hem, esasan, gyşda gawunhanalarda saklaýarys. Bu datly nygmatyň yrýa zady ýok. Onuň çigidi-paçagy mallar üçin ýokumly iýmlikdir. Gawun ekmekde bakjaçylar tarapyndan bir ýörelge ulanylýar: joýalaryň arasyna künji ekseň, gawun ter hem süýji bolýar. Künjüli bakjada ýetişen gawunyň tagamy dogrudan-da, üýtgeşikdir. Şeýle-de, haýsy gawun bolsa-da, ol gowy bişensoň, çigidini şol gawunyň öz paçagynda guratmaly. Paçagyň aşagyny çigitleriniň suwy syzylyp çykar ýaly, biraz dilmeli. Şeýdip alnan tohumy indiki ýyl ekseň, ol gawunlar aşa süýji bolýar. Ir döwürlerde ata-babalarymyz gawunyň eti ýumşak bolsun diýip, onuň tohumlyk çigidini süýde ezip hem ekipdirler — diýip, Abdylla Kurýazow gürrüň berdi.
Gawunhanadaky gawunlary görüp, gözüň dokunýardy. Tekiz bir hatary emele getiren, edil sapaga düzülen ýaly bu şirin nygmatyň gyşda-da terligine saklanylyşyna haýran galýarsyň.
— Gawun saklanylýan ýörite jaýlar, esasan, palçykdan salynýar. Jaýyň üsti basyrylanda gawunlar asylgy ýagdaýda goýlanda olary göterer ýaly berk agaçlardan peýdalanylýar. Şeýle hem sowuk geçmez ýaly, saman goýlup, toprak bilen basyrylýar. Gawunhananyň ýylylygyny, çyglylygyny belli bir derejede saklamak üçin deşikler, tüýnükler goýulýar. Gawunlary saklamak üçin ýörite jaýlar ýok ýerlerde ýerdöleler ulanylýar. Jaýyň ýylylygy 1-3 dereje bolmaly. Jaýlarda gawunlary ýerde goýup, aşagyna agaç ýonuşgasy, saman, gamyş düşäp, biri-birine degirmän, bir hatar goýup, saklap bolýar. Ýöne gawunlary ýekenden örülen torlarda asyp saklamak has gowy netije berýär. Bu usulda gawunlar has gowy, uzak wagt saklanýar. Biz hem gawunlary, köplenç, asylgy ýagdaýda saklaýarys. Ýöne adaty ýüpleri ulanmak hem-ä tygşytly, hem-de amatly. Olar asylgy ýagdaýynda ýerleşdirilende arasyndan howa geçer ýaly ýer goýmaly. Gyş üçin saklanyljak gawunlary 2-3 santimetr uzynlykdaky sapagy bilen ýygnamaly. Saklamak üçin paçagy bitin, sag, ter gawunlar saýlanyp alynýar. Şunuň ýaly uzak möhlete saklanmaly gawunlar bişmezden biraz öňräk ýolunýar. Gawunlary gyşa saklamakda esasy üns bermeli zatlaryň biri hem, gawun saklanylýan jaýyň ümürli howada açylmagyna ýol bermezlikdir. Şunuň ýaly howada jaýda çyglylyk üýtgäp, gawunlara çüýrük düşmegi mümkin — diýip, Abdulla aga gürrüň berdi.
— Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen halkymyz bolelin durmuşda ýaşaýar. Bazarlarymyz gyşyn-ýazyn islegli harytlardan doly. Ýylyň islendik paslynda halkymyzyň saçaklarynda dürli naz-nygmatlaryň bolmagynda goşandymyzyň bardygyna özümizi bagtly saýýarys. Bizi şeýle bagtly zamanada, bereket-bolçulykda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, Abdulla Kurýazow ýüreginden çykýan sözlerini beýan etdi.