Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIII jildi kitaba uly sarpa goýýan halkymyzyň eline gowuşdy. Şu mynasybetli häzirki günlerde gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýan tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhy joşguna eýe bolýar. Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary guramaçylyk derejesine we işjeň häsiýete eýe boldy. Oňa syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda guralan çykyşlarda bu kitabyň fitoterapiýa ylmyny ösdürmekde uly goşant bolandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzyň derman senagatynda, şypahanalarynda bu kitabyň deslapky neşirlerinde beýan edilen ylmy maglumatlaryň iş ýüzünde peýdalanylýandygy hakynda gürrüň etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.