Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhanlary şu ýyl bugdaýdan boşan ýerleriň 830 gektardan gowragyna aralyk däneli ekinleri ekdiler. Häzirki günlerde bugdaýyň yzyna ekilen ýerleriň 700 gektarynda mäşiň, 100 gektarynda künjiniň, 30 gektarynda noýbanyň bereketli hasyly kemala geldi. Bu babatda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň daýhanlary guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Biz muňa golaýda daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik.
Daýhan birleşiginde bugdaýyň yzyna mäş, künji, noýba ýaly aralyk däneli ekinleri ekip, ene ýerden bir ýylda 2 gezek hasyl alýan daýhanlar az däl. Bu ýerde tejribeli daýhanlar Sapargylyç Gutlyýew şu ýylky bugdaýdan boşan ýerlerine 1,5 gektar mäş, 1 gektar künji, Parahat Narlyýew 2 gektar mäş, 1 gektar künji, Nepes Gökiýew 1 gektar mäş, 2 gektar künji, 1 gektar noýba, Şöhrat Rejebow 3 gektar künji, 1,5 gektar mäş ekip ilat üçin möhüm azyklyk ekinleriň bol hasylyny ýetişdirýärler.
Ekin dolanyşygynyň talabalaýyk ýola goýulmagy, ýerleriň ideginiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk berjaý edilmegi daýhanlaryň ýerden ýokary hasyl we gowy girdeji almagyna giň mümkinçilik berýär. Rysgal-berekediň egsilmez çeşmesi bolan ene ýerden netijeli peýdalanmagy başarýan daýhanlarymyzyň çekýän gaýratly zähmeti ýurdumyzda hemişe bazar bolçulygynyň bolmagyna, şeýle hem ilatyň ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegine mynasyp goşant bolýar.