Sport we ýaşlyk güýç-kuwwaty, egsilmez hyjuwy alamatlandyrýar. Bulary durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar ýaşlarymyzyň biri hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň welosiped sporty boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Nargeldi Igdirowdyr.
Häzirki wagtda Nargeldi Igdirow Aşgabat şäherinde geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen paýtagtymyzda türgenleşik geçýär. Şol sebäpli hem, onuň bilen telefon arkaly söhbetdeş bolduk.
— Nargeldi, welosiped sporty bilen haçandan bäri meşgullanýarsyňyz, ilki bilen şu hakda gürrüň beräýseňiz!
— Sportuň bu görnüşi bilen 1997-nji ýyldan bäri meşgullanýaryn. Meniň ilkinji halypam öňki SSSR-iň sport ussady Ahmet Nurmedowdyr. Soňra men Muhammet Nurmedowyň elinde tälim aldym. Onuň ençeme ýyllyk tejribesi, ýokary talapkärligi meniň has-da kämilleşmegime ýardam berdi. Dürli ýyllarda ýurdumyzda geçirilen welosportuň şosse görnüşi boýunça çempionatlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledim. Soňra Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bu ugurdan alan tälimlerim meni has-da taplady. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde türgenleşen döwürlerim Myrat Daňlyýewiň elinde tälim aldym.
— Ýurdumyzda rowaçlanýan ýaş sport görnüşleriniň biri bolan welotrek sportuna gelşiňiz barada söhbedimizi dowam edeliň!
— Hawa, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2016-njy ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek welotrek sporty bilen meşgullanmaklyga giň mümkinçilikler döredildi. Öňler teleýaýlymlarda welotrek boýunça geçirilýän halkara ýaryşlara tomaşa edip, oňa daşyndan höwes ederdik. Häzirki wagtda, arzuwlaryň amala aşýan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleri synlap, bütin dünýä bize höwes edýär.
— Welotrek boýunça gatnaşan ilkinji ýaryşyňyz haýsy?
— Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çägindäki welotrek ýaryşlary biziň üçin uly synag boldy. Biz muňa güýçli depginde taýýarlyk gördük. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, türgenleriň bu ýaryşa ýokary derejede taýýarlanmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikler döredildi. Şol döwürler Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysyna russiýaly meşhur tälimçi Albert Kolybini baş tälimçi edip bellediler. Onuň 45 ýyllyk tälimçilik tejribesi biziň üçin ullakan görelde mekdebi boldy. Onuň türkmen türgenleri bilen öň hem işleşendigini ýeri gelende nygtamak zerur. Ol 70-nji ýyllarda türkmen welosport mekdebini kemala getirmekde köp zähmet siňdiren tälimçidir. Ondan tälim alan türgenlerden dünýä we Ýewropa çempionatlarynda ýeňiş gazananlary az däl. Olardan Wýaçeslaw Kuhtin, Wasiliý Kudrýaşow, Wiktor Smirnow ýaly meşhur sport ussatlaryny agzap geçmek bolar. Men hem Albert Kolybiniň kömekçisi bolup, ondan köp zat öwrendim.
— Ýokary derejeli sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň abraýyny ýokary galdyrmagyny gazanmak ugrunda tälimçiniň alyp barýan işi ýeňil-ýelpaý däl bolsa gerek?
— Dogry aýdýarsyňyz, tälimçiniň «ýüki» özüne ýetik. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, tälimçi bolup zähmet ýoluna başlanymdan soň, muňa doly göz ýetirdim. Häzirki wagtda esasy işimiň daşyndan Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndysyna hem tälimçilik edýärin.
— Welotrek boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk barada berjek gürrüňleriňiz okyjylarymyz üçin has hem gyzykly.
— Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bütin dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz dünýäniň iri sport guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyz dünýä we sebit derejesinde halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň Aşgabat şäherinde geçiriljekdigi hakyndaky hoş habar bagtyýar raýatlarymyzy diýseň buýsandyrdy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Welosport federasiýasynyň hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň guramaklarynda 2021-nji ýylyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndymyz güýçli depginde taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda türgenlerimiz umumy fiziki türgenleşikleri alyp barýarlar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki Welotrek sport toplumynda türgenleşikleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
— Her adamyň öz maksady, ýetmek isleýän arzyly sepgidi bolýar. Mümkin bolsa, öňde goýan maksadyňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!
— Dogry, maksatsyz kişiniň eden işiniň netijesi bolmaýar. Edil häzirki pursatda öňümizdäki dünýä çempionatynda ýokary netije gazanmak esasy maksadymyz bolup durýar. Emma sport bilen meşgullanmagyň esasy maksadynyň ýeňiş gazanmak däldigini hem aýtmak zerur.
— Nargeldi, Welotrek boýunça dünýä çempionatynda size we türgenleriňize uly üstünlik arzuw edýäris.