AK PILÄNIŇ ULY HARMANY

Pile kabul ediş bölüminiň gapysyndan giren badyňa, ilki bilen, bu ýerde adamlaryň adatdakydan has köpdügi ünsüňi özüne çekýär. Olaryň aglabasynyň şu möwsümde ýüpek gurçugyny idedip, öndüren pile hasylyny getiren ýüpekçilerdigini ýüz-gözlerinden, özara gürrüňlerinden hem aňyp bolýar. Ynha, bir tarapda olaryň birnäçesi ak pileden doly agaç gaplary yzly-yzyna terezä goýup durlar. Hol aňyrda pile arassalaýan enjamlaryň hereketi gözüňe ilýär. Beýle tarapdaky bassyrmanyň aşagyndaky pile hatarlaryny aralap, haýsydyr bir iş bilen meşgul bolup ýörenler hem bar. Şu pursatda nobatdaky gap tereziniň üstüne ýüklenilýär. Tereziban ýigit ony ölçeýär hem-de ýüpekçi ýaşula ýüzlenip, şeýle diýýär:
— Siziň bu gabyňyzyň agramy 65 kilogram boldy. Indi muny aýryp, ikinji gabyňyzy goýaýyň!
Ýaşulynyň kömekçileri çalt hereketler bilen tabşyrygy ýerine ýetirýärler. Şobada ol hem ölçenilýär. Soň ikinji gabyň agramynyň hem öňkä golaý bolandygy mälim edilýär.
— Tüweleme, 130 kilograma golaý pile tabşyrdyňyz, ýaşuly! — diýip, pile kabul ediş bölüminiň müdiri Mekan Şammyýew göwnühoş seslenýär:  — Çeken zähmetiňiz ýerine düşüpdir…
Biz bu görnüşlere golaýda «Daşoguzwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň Gubadag etrabyndaky 5-nji pile kabul ediş bölüminde syn etdik. Şol wagt, hakykatdan hem, bu ýeriň mähellesi az däldi. Üsti pile ýükli ulaglar bölümiň gapysyna yzygider gelip saklanýardy. Soňra bolsa olardan düşürilen pileler haýal edilmän uly harmana goşulýardy.
Berlen maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ýüpekçilik möwsüminiň başynda bu etrap boýunça 1398 guty ýaş gurçuklar kärendeçilere paýlanylyp, olardan 55 tonna ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulypdyr. Şeýlelikde, tejribeli ýüpekçileriň ýüzlerçesi ilkinji günlerden ideg işleriniň talabalaýyk amala aşyrylmagy ugrunda irginsiz aladalanypdyrlar. Bu bolsa ýüpek gurçuklarynyň kadaly ösmegini hem-de gyradeň pile saramagyny üpjün edipdir.
— Ýüpekçilerimiz örän yhlasly zähmet çekdiler — diýip, etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň häzirki döwürde pile kabul ediş bölümindäki wekili Merdan Ýazbaýew bu ýerde bolan gürrüňdeşlikde aýtdy: — Olar gije-gündiz ýüpek gurçuklaryna ähli zerur hyzmatlary ýadawsyz amala aşyrdylar. Şonuň netijesinde-de, şu günler biziň daýhan birleşigimizde 100 — 200 kilogram ak piläni Watan harmanyna goşýan ýüpekçiler örän köp. Olaryň gazanýan ýokary netijelerini göreniňde, guwanjyň, ussat ýüpekçilerimize hormatyň artýar.
Hawa, häzirki döwürde welaýatymyzyň etraplarynda şu möwsümde kemala getirilen bereketli pile hasylyny döwlete tabşyrmak ugrundaky aladalar gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň hatarynda şu etrabyň ýüpekçileriniň hem alyp barýan işleri bellenilmäge mynasypdyr. Çünki bu ýerde üstümizdäki ýylyň pile harmany  günsaýyn belende galýar.
— Görüp durşuňyz ýaly, biziň kabul ediş bölümimize getirilýän pile hasylynyň yzy üzülenok — diýip, bölümiň müdiri Mekan Şammyýew aýtdy: — Ýüpekçilerimiziň getiren pilesini bökdençsiz kabul etmek üçin bu ýerde ähli zerur şertler döredildi. Bölümimiziň işgärleriniň ençemesi olara ýakyndan ýardam berýärler. Bu ýerde pile arassalaýjy enjamlar işläp dur, pile saklanylýan bassyrmalarymyz ýeterlik, getirilýän hasylyň hiline aýratyn gözegçilik edilýär. Şeýle işleri ýerine ýetirmekde Gülşirin Hojykowa, Zülfiýa Orazmedowa, Gurbangül Jumabaýewa, Şatlyk Gurbanow we beýlekiler gaýratly zähmet çekýärler.
Soňra biz kabul ediş bölümine şu wagta çenli pile getiren ýüpekçiler hem-de olaryň gazanan netijeleri hakyndaky maglumatlar bilen gyzyklandyk. Şonda olaryň arasynda eýe bolan ýokary sepgitleri, janypkeşlikli zähmetleri üçin atlary tutulmaga mynasyp adamlaryň has köpdügi bizi örän buýsandyrdy. Şeýle-de bolsa, olaryň diňe birnäçesiniň atlaryny belläp aldyk. Olaryň hatarynda «Döwletli» daýhan birleşiginden 230 kilogram piläni döwlete tabşyran Hudaýberdi Gurbanow, «Gubadag» daýhan birleşiginden 205 kilogram pile öndüren Aýdogdy Mämmetmyradow, «Baýdak» daýhan birleşiginden 180 kilogram piläni harmana goşan Halmyrat Pirjanow, «Abadanlyk» daýhan birleşiginden 130 kilogram pile getiren Agamyrat Ataşow we beýlekiler bar. Belläp geçişimiz ýaly, bu sanawy ýene-de dowam etdirip bolardy. Ýöne bu ýerde iň esasy zat şeýle ökde ýüpekçileriň ukyp-başarnygynyň uly zähmet üstünliklerine ýol açýandygydyr.
Elbetde, etrabyň ezber ýüpekçileri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmak babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, olaryň üstünlikli berjaý edilmegi üçin berýän kömek-goldawlaryna daýanyp, şu ýylyň ýüpekçilik möwsüminde agzybir, arkalaşykly işläp, guwandyryjy üstünligiň binýadyny döretdiler. Olaryň belent pile harmany Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet sowgady bolar.

Автор записи: admin