Daşoguz welaýat merkeziniň görnükli künjeginde, «Daşoguz» myhmanhanasynyň garşysynda bu binanyň gurluşyk işleri alnyp barylýan, jemi 10,85 gektar meýdany eýeleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki günlerde binanyň gurluşygy giň gerimde, toplumlaýyn dowam etdirilip, bellenen meýilnamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Desganyň daşky görnüşinde türkmen halkynyň milli binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulypdyr. Şu günler ak öýüň gurluşygynda 1500-den gowrak gurluşykçylar zähmet çekýärler. Bu ýerde dürli görnüşdäki gurluşyk tehnikalarynyň 50-ä golaýynyň güýjünden ýerlikli peýdalanylýar
Şu günler binanyň içki we daşky bezeg işleri, demir gurnama, üçek örtügini basyrma işleri, şeýle-de howa we elektrik geçiriji, suw we lagym suwlaryny geçiriş gurluşyk-gurnama ulgamlaryň işleri ýokary depginde dowam edýär. Mundan başga-da, hiňňildik meýdançasy hem-de birnäçe kömekçi binalaryň gurluşygy bilen birlikde, onuň daş-töwereginiň abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.