«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bugdaý harmanynyň belent bolmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň Akdepe etraby 19 müň gektar meýdandan 34,5, Gubadag etraby 13 müň gektar ýerden 24, Boldumsaz etraby 10 müň gektar meýdandan 18,5 müň, Ruhubelent etraby hem 10 müň gektar ýerden 16,5 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler. Bu zähmet ýeňişlerinde Akdepe etrabynyň «Babadaýhan», Gubadag etrabynyň «Türkmenistan», Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr», Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» we beýleki daýhan birleşikleriniň gallaçylarynyň paýlary has-da uly boldy.
Bu etraplaryň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky aladalar ýokary derejede guraldy. Ýygnalan gallany bökdençsiz kabul etmek, oraga gatnaşýan adamlaryň dynç almaklaryny guramak, işe bolan höweslerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen çäreler hem öňegidişlikleriň gazanylmagyna ýardam berdi. Gallaçy daýhanlaryň bu üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgadydyr.