Adam hukuklary we azatlyklary milli kanunçylygymyzda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adamy döwletiň baş gymmatlygy hökmünde kesgitlän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz öňegidişligiň, ähli durmuş-ykdysady ugurlar boýunça gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagynyň kanunçylyk kepilliklerini berjaý edýän, ykdysady durnuklylygyny we abadançylygyny üpjün edýän döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan hem, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde adam, onuň mertebesi ýokary derejelere göterildi. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda, ýagny syýasy, ykdysady, hukuk,  saglygy goraýyş we sport, medeni-ynsanperwer ugurlarda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi.
Geçirilýän çäreleriň netijeliligi we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, ilkinji nobatda, olaryň hukuk giňişliginiň çäginde amala aşyrylmagy hem-de goraglylygynyň ygtybarly kepilliginiň üpjün edilmegi bilen şertlendirilýär. Amala aşyrylýan özgertmelerde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegi, goralmagy, olar üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegi ilkinji nobatda kesgitleýji ölçeg bolup hyzmat edýär.
Adam hukuklarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy barada aýdylanda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 16-njy aprelinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýörite Karary bilen «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» tassyklanylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Bu meýilnama degişli çygyrda, ýagny adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi we goralmagy babatda ulgamlaýyn çemeleşmäni emele getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda adam hukuklary boýunça borçnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün eder.
Meýilnamanyň esasy maksatlarynyň hatarynda kazyýet goragy we adyl kazyýetligiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi baradaky wezipelere aýratyn orun berilýär.
Adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak maksadynda kazyýet häkimiýetiniň garaşsyzlygyny üpjün etmek, hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, ilatyň hukuk habarlylygyny, hukuk düşünjesini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, döwlet edaralary ulgamynda we jemgyýetde adam hukuklaryny berjaý etmek medeniýetini has-da ösdürmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, adyl kazyýeti üpjün etmek, maşgala institutyna hukuk, durmuş-ykdysady we beýleki goldawlary bermegiň, eneligi, atalygy, çagalygy goramagyň derejesini ýokarlandyrmak, şahsyýetiň ykdysady hukuklaryny üpjün etmek, ykdysadyýetiň hususy bölegini we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly wezipeleriň hem agzalan meýilnamada aýratyn wezipeler hökmünde kesgitlenmegi hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän usullaryň we serişdeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň barha dabaralanýandygynyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna we Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň kadalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýan Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, adalatly we elýeterli adyl kazyýetlige her bir adamyň hukugynyň, bu hukugy üpjün etmek üçin adyl kazyýetlik ulgamyny netijeli durmuşa geçirmegiň we dolandyrmagyň döwrebap derejesini üpjün edýär. Kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda, ýurdumyzda adyl kazyýetlik kazylaryň garaşsyzlygynyň, hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňliginiň, kanuna takyk laýyklygyň, açyklygyň we aýanlygyň, kazyýetde goralmaga we ýuridik kömegi almaga, terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmaga bolan hukugyň üpjün edilmeginiň ýörelgeleriniň esasynda amala aşyrylýar.
Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugy baradaky kadalar beýan edildi.
Bularyň ählisi Türkmenistan döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet goragynyň netijeli görnüşi bolan kazyýet goragyna aýratyn üns berilýändigine, ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamalarynyň talaplarynyň we kadalarynyň ýerine ýetirilýändigine, şonuň ýaly-da, Hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ulgamlaýyn we netijeli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Автор записи: admin