Adam bardyr adamlaryň nagşydyr

Her bir halkyň özüne mahsus bolan milli häsiýetleri bar. Türkmeniň geçmişine nazar aýlanyňda, onuň ahlak sypatlarynyň ýokary derejede bolandygyna şaýat bolýarsyň. Ynsan häsiýetinde gabat gelýän nogsanlyklar döwrüň akyldarlary, nusgawy şahyrlar tarapyndan ýazgarylypdyr.
Milli edebi mirasyň, halk döredijiliginiň haýsy birine ýüzlenseň-de, mertligiň, watançylygyň, wepalylygyň, dostlugyň, tämiz ahlaklylygyň belent derejede beýan edilýändigine göz ýetirýärsiň. Tersine, biwepalyk, namartlyk, harsydünýälik, men-menlik, gopbamsylyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň paş edilýändigini görmek bolýar. «Gorkut ata» eposyny, «Görogly» şadessanyny, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okanyňda, edep-terbiýä, utanç-haýa, halallyga, gowy däp-dessurlara giň orun berilýändigine göz ýetirýärsiň.
Adamkärçiligiň belent nusgasyny beýan edýän edebi mirasymyz bu günki gün hem ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Dogrudan-da, her bir adam öz häsiýetini ýaşlykdan kämilleşdirmeli. Perzent ata-enäniň miwesidir. Şol miwäniň sagdyn, berk, durnukly bolmagy üçin ata-ene çäksiz alada edýär. Olar özleriniň dowamatlaryna diňe gowulykda nusga bolýarlar. Sylag-hormat maşgaladan başlanýandyr. Gorkut ata şeýle diýýär: «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz».
Türkmen edebiýatynda, halk döredijiliginde adamkärçilik sypatlary çeperçilik bilen beýan edilýär: «Adam bardyr, adamlaryň nagşydyr, adam bardyr, haýwan ondan ýagşydyr», «Akmagyň tobasy bolmaz, ýamanyň obasy», «Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar», «Bir ýagşylyk unudylmaz, bir-de ýamanlyk», «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir». Şu jümlelerden görnüşi ýaly, adamy bezeýän zat onuň ýagşy gylyk-häsiýetleridir.
Beýik Pyragynyň «Gidiji bolma!» atly goşgusynda halk hakydasynda nakyla öwrülen jümleleriň birnäçesini görmek bolýar. Şol goşgudaky: «Watany terk edip gidiji bolma!», «Buýrulmagan işi ediji bolma!», «Kişige gaty söz aýdyjy bolma!», «Köňlüňde men-menlik satyjy bolma!», «Jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma!», «Barar ýere kesek atyjy bolma!» ýaly nesihatlary ýol-ýörelge edinen adamyň ynsanlygyň ähli oňat sypatlaryny özünde jemlejekdigine şübhe bolup bilmez. Akyldaryň paýhas bulagy bolup dünýä dolan goşgulary milletine seretmezden ähli halkyň kalbyndan baky orun aldy.
Watanymyzyň ösüşi, onuň geljegi ýaş nesliň bilim-terbiýesine bagly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesli pederlerimizden miras galan milli ruhda terbiýeläp ýetişdirsek, öz bagtymyzy bina etjekdigimize şübhe bolmaz.

Автор записи: admin