Şu günler Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri şäheriň arassaçylygy, abadanlaşdyrylyşy babatda köpugurly işleri alyp barýarlar. Şolaryň hatarynda olar 62 sany ýaşaýyş jaýynyň, 8 sany orta mekdebiň, 4 sany çagalar bagynyň ýyladyş ulgamyna gözegçilik etmek bilen, häzirki wagta olarda abatlaýyş işlerini geçirýärler.
Şäheriň görküne görk goşmak maksady bilen, her ýyl 4-5 müň töweregi birýyllyk güller ekilip ýetişdirilýär. Şu ýylky bag ekiş möwsüminde müdirligiň işgärleri tarapyndan 1200 düýpden gowrak saýaly, pürli, miweli agaç nahallary oturdyldy. Häzirki günlerde bolsa olara ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Müdirligiň agzybir işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda meýilleşdirilýän işleri artygy bilen ýerine ýetirip, şanly toýa mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýärler.