Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak;
- tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek;