Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti Lukmançylyk mekdepleriniň dünýä katalogyna (World Directory of Medical Schools) girizildi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gelip gowşan hatda bellenilip geçilýär. “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada bellenilip geçilişi ýaly, uniwersitetiň degişli sanawa goşulmagy onuň uçurymlaryna daşary ýurtdaky abraýly ýokary […]
Месяц: Январь 2022
Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyñ açylyşyna gatnaşjak döwlet yolbaşçylar
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanatyna görä, Pekin Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna onlarça ýokary derejeli myhmanyň gatnaşjakdygy bellenildi. Döwlet baştutanlarynyň hatarynda: Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Şeýle hem bu sanawda Polşanyň Prezidenti Anžeý Duda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr […]
30 ýyllyk Maksatnamada göz öňünde tutulýan ugurlar
Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 […]
Türkmenabatdan Moskwa 34-nji ýörite gatnaw
Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Russiýanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, “S7” rus awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi. Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça amala aşyrylan ýörite gatnawdan 198 ýolagçy peýdalandy. Rus kompaniýasy 2022-nji ýylyň 15-nji […]
Çalsana bagşy” bäsleşigi yglan edildi
Ýurdumyzyň dutarçy, bagşy sazandalarynyň arasynda “Çalsana bagşy” atly bäsleşik geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz bu bäsleşigiň geçirilmegi babatda degişli resminama gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, dutarçy, bagşy sazandalaryň arasynda “Çalsana bagşy” atly bäsleşik yglan ediler. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni […]
Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi
Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Russiýanyň ilçihanasynyň berýän maglumatyna görä, Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirilen ýörite gatnaw arkaly türkmen tarapynyň satyn alan koronawirus ýokanjyna garşy işlenip taýýarlanan rus “Sputnik Laýt” sanjymy Türkmenistana getirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we […]
“Gazprom” Germaniýada kompaniýa döretdi
Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy “Demirgazyk akym- 2” taslamasyna ygtyýarnama bermek üçin Germaniýada “Gas For Europe” atly bir kompaniýa döredendigini habar berdi. “Demirgazyk akym- 2” tebigy gaz geçiriji taslamasynyň ýerine ýetiriji kompaniýasy “Demirgazyk akym- 2 AG” tarapyndan berlen beýanatda Germaniýada “Gas For Europe” atly kiçi kompaniýanyň döredilendigi mälim edildi. Berlen beýanatda: “Täze kompaniýa, Germaniýanyň territorial suwlarynda we […]
Şu gün – Watan goragçylarynyň güni!
Discussed about Turkmen-American Business Council in 2022
Today, on January 26, 2022, the meeting of the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the United States of America to Turkmenistan Metthew Stephen Klimow was held at the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan. During the meeting, the parties considered a wide range of issues of […]
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl dolýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine […]