Çagalar biziň bagtly geljegimizdir

Aslynda, her maşgalanyň, her bir ene-atanyň özüne mahsus terbiýeçilik usuly bolýar. Maşgala däpleriniň agzybirligi saklamakdaky ähmiýeti bimöçberdir. Çaga terbiýesini heniz olar kiçi ýaşlaryndaka ýola goýmagymyz gerek. Adam islendik ýaşda bolsa-da, hemişe yssy mähre mätäç. Heniz körpeligine garamazdan, her bir çaga aýratyn bir şahsyýetdir. Şol şahsyýeti terbiýelemekde ene-atanyň öňünde uly borçlaryň durýandygyny unutmaly däldiris. Her bir […]

Bilim özgertmeleri — ösüşli menzilleriň çelgisi

Garaşsyz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine şert döredýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda […]

Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Geçen ýekşenbe güni daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşany bolan Hasyl toýunyň dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyryldy. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem bu baýram uludan tutuldy. Baýramçylyk dabarasy Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu ýere ir säherden oba […]

SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ…

Ýiti respirator kesel tiz ýokaşýan kesel görnüşidir. Ol gürleşilende, üsgürilende, asgyrylanda bir adamdan beýleki adama howa-damja ýoly bilen geçip bilýär. Kesel birden bedeniň gyzgynynyň galmagy, üşütme bilen başlaýar. Şeýle bolanda ulular  işe ýa-da çagalar okuwa gatnamakdan saklanmalydyrlar, sebäbi olaryň keseli beýleki sagdyn adamlara ýaýratmaklary mümkin. Kesele üns berilmän, aýak üstünde geçirilende, ol öýken sowuklamasy, radikulitler, […]

TÄZE KÄRHANANYŇ OWADAN HALYLARY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň merkezinde açylan täze halyçylyk kärhanasynda halyçylar joşgunly zähmeti dowam etdirýärler. Toparyň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny öndürijilikli zähmete, netijeli işlere besleýärler. Olaryň irginsiz zähmeti bilen dokalýan owadan gölli, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen halylaryň sany barha artýar. Täze kärhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet […]

Döwür we ýaşlar

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegini ýaşlar tutup, olar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan […]

Baýramyň şanyna

Türkmen oba hojalyk institutynda Hasyl toýy mynasybetli «Azyk bolçulygy hem-de howpsuzlygy durnukly ösüşiň esasy maksadydyr» atly ylmy-amaly maslahat, şeýle-de, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar institutyň medeniýet merkezinde Hasyl toýy mynasybetli guralan gök, bakja, pagta önümleriniň, şeýle-de, ýokary okuw mekdebiniň ylym-bilim babatda gazanan üstünlikleriniň, ylmy-barlag işleriniň taslamalarynyň sergisini synlamaga mümkinçilik aldylar.

Täze önümçilik kärhanalary

Telekeçilik ulgamyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, hususy önüm öndürijileriň öňünde täze taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikler açylýar. Muňa Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndaky «Halyçy gözeller» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň sintetiki süýümden halylary dokaýan täze bölümiň gurluşygyna girişmegi hem şaýatlyk edýär. Umumy meýdany 1 gektar ýeri eýeleýän binanyň taslamasynda esasy önümçilik bölümi, polipropilenden ýüplük sapagyny öndürýän […]

Ýokary hilli önümler

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda üstünlikli hereket edýän «Peýnirçi» hususy kärhanasynyň çykarýan önümleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri sarp edijileri «Altyn», «Ýaýla», «Toý», «Aşgabat», «Prezident» ýaly peýnirleri, berhiz doragy hem-de gaýmak ýaly süýt önümleri bilen üpjün edip gelýär. Özüniň ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýan bu süýt önümleri sarp […]

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermekde, olaryň tebigata bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde möhüm ädimler ädilýär. Muňa Türkmen oba hojalyk institutynda şu ugurda guralýan sapaklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Institutyň mugallymlary, talyplary ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar. Şonda her ýylyň bahar we güýz aýlarynda ýaş nahallaryň müňlerçe düýbüni […]