Her bir güni şanly ösüşlere, belent sepgitlere beslenýän ata Watanymyzda toýlar toýa ulaşýar. Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna barylýan günlerde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän dabaralar halkymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterýär. Älem içre parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň binýadyny berkidýän Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat günsaýyn gözelleşýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň giňden bellenen bu ajaýyp ýylyndaTürkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda […]
Месяц: Ноябрь 2021
KÖŇÜLLERDE GUWANÇ, DILLERDE DESSAN
Biz öz gündelik işlerimizde, çagalar bilen alyp barýan köp görnüşli terbiýeçilik we öwredijilik häsiýetli çärelerimizde döwrümiziň wajyp wezipelerinden ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň köňüllere guwanç, dillere dessan bolan eserlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Çagalarda ata Watana, ene topraga söýgini, tebigata hem onuň çäksiz eşretlerine we gözelligine bolan mähribanlygy kemala getirmekde we ösdürmekde şahyryň köňüllere nagyş bolan goşgularynyň täsiri […]
Ekologiýa abadançylygy — möhüm wezipe
Howasy jana melhem baý tebigatymyzyň gözelligi islendik pasylda-da özboluşly keşbe eýedir. Ýurdumyzda howanyň arassalygyny gorap saklamak, Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek wezipelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurda alyp barýan işleri bolsa dünýä nusgalykdyr. Ýakynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda (COP26) […]
Maksat — bökdençsiz we ygtybarly energoüpjünçilik
Gyş paslynyň gelmegi, ygally, garly, sowuk howanyň bolmagy energiýa üpjünçiliginiň bökdençsiz, ygtybarly bolmagyny gazanmagy iň derwaýys meseleleriň birine öwürýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, ýurdumyzyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge hususy düzümleriň saldamly goşant goşýandyklaryny-da bellemek gerek. «Ýüpekýolygurluşyk» hojalyk jemgyýeti hem şu ugurdan ýöriteleşýän topar. Bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleridir işçileriniň güýji bilen Daşoguz welaýatynda elektrik geçirijileriň onlarça kilometri […]
DÜNÝÄ NUSGALYK BEÝIK IŞLER
Halklaryň dostlaşmagynda, doganlaşmagynda parahatçylygyň orny örän uludyr. Birek-birek bilen jebislikde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde bolsa ynanyşmak ýörelgesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu gün älem içre bu iki ýörelgäni nusga edinen Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, halklaryň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan […]
Baky Bitaraplyk — buýsanjymyz
Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde […]
Ösüşiň innowasion ugry
Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ösüşiň innowasion ýolunyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmegi has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Muňa […]
Bossanlygyň nerkes gülleri
Dünýä paýhasyny, ylmyny özünde jemleýän kitap dünýädäki maddy baýlyklardan, altyn-kümüşden has ýokarda goýulýar. X asyrda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary ylym we kitap barada: «Kitap bossanlykdyr, hat onuň nerkes gülleridir», şeýle hem «Nirede gördüň, goltuga gysylyp göterilýän bossany ýa-da otaga öwrülen bag-bossanlygy?» diýmek bilen, oňa diýseň uly hormat goýupdyr. Onuň: «Asyrlaryň we şäherleriňarasyndaky […]
Magtymgulynyň şygyrlaryndadöwletlilik ýörelgeleri
Halkyň arasynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyňşygyrlarynyň «Jemşidiň jamyna» deňelmegi ýöne ýerden däl. Olarda pederlerimiziň ençeme asyrlyk arzuw-hyýaly, milli ýörelgeleri, durmuş gymmatlyklary örboýuna galýar. Agzybirlik, jebislik, dost-doganlyk, döwletlilik, bir bitewi il bolmak baradaky düşünjeler dana şahyrymyzyň döredijiliginiň esasy süňňüni emele getirýär. Şahyryň dürli mowzuklary gozgaýan goşgularynda öňe sürülýän pikirler hem şu mukaddes düşünjeler bilen ugurdaş […]
Dünýä çykýar bu gün türkmen dokmasy
Dokma senagaty Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda kämil derejede ösýän ykdysady pudaklaryň biridir. Gysga wagtyň dowamynda dünýäde uly isleg bildirilýän türkmen dokmasy bu gün halklaryň ünsüni özünde egleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda 80-den gowrak iri dokma kärhanalary hereket edýär. Olarda nah we garyşyk ýüplük taýýarlanylyp, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan tüýjümek, jins we örme matalar, köp […]