Ata-babalarymyz has irki döwürlerde bugdaý hasylyny ýygnamagyň we ony taýýar azyk önümi görnüşine getirmegiň ýönekeý, emma şol döwür üçin kämil usullaryny, zähmet gurallaryny oýlap tapypdyrlar. Şol gurallary, olary peýdalanmagyň usullaryny içgin öwrendigiňçe, halkymyzyň daýhançylyk tejribesiniň taryhy kökleriniň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna düşünýärsiň. Bu hakykata, ýagny ata Watanymyzyň gallaçylygyň ösen merkezleriniň biridigine bütin dünýäde ykrar […]
Месяц: Август 2021
Yzmykşir galasy
Yzmykşir galasy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir obalarynyň aralygynda ýerleşýär. Gala 20 gektar töweregi meýdany tutýar. Ol dört derwezeli, 12-15 metr belentlikde bolan diwarly, dörtburçluk gala. Galanyň diwarlary laýdan bina edilen. Gala duşmandan goranmak maksady bilen gurlupdyr. Käbir alymlaryň ýazmaklaryna görä onuň derwezeleri demirden bolup, ol içinden berk ýapylypdyr, galanyň daş-töweregine suw goýberilip, […]
Dänesi em — ýagy melhem
Bereketli topragymyzda jöwen, şaly, mäş ýaly däneli ekinleriň ençeme görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Hem azyklyk, hem dermanlyk ekin hökmünde giňden ýaýran däneli ekinleriň biri-de künjüdir. Dermanlyk hökmünde ulanylyp başlanan bu ösümlikden ýag alnyp, ol hojalykda giňden ulanylýar. Şeýle-de künji ýagynyň bejergi häsiýetinden peýdalanylyp gelinýär. Alym lukmanlaryň barlagnamalarynyň netijesinde künji dänesiniň düzüminde takmynan 27 göterim belok, 20 […]
Güjümli gürrüňler
Daşky gabarasy bilen türkmen gojasynyň telpegini ýatladyp ösýän güjüm agajy biziň ýurdumyzda, esasan hem, Diýarymyzyň demirgazyk etraplarynda köp ekilýän agaçlaryň biri. Gabarasynyň äpetligi, uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýan güjüm agajy dogrusynda ilat arasynda täsin gürrüňler aýdylýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, aslynda güjüm erenler bolupdyr. Bir gezegem kyrk sany erenler ýowuz ýagynyň gabawyna düşýär. Olar başyny gutarmak üçin […]
Hereket — saglygyňa bereket
Adamyň fiziki işjeňligi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Onuň esasyny beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek we sport bilen meşgullanmak düzýär. Hereket bedeniň sagdyn, syratly we owadan bolmagyna, bedenimizdäki dürli artykmaç ýaglaryň azalmagyna hem keseliň bizden daşlaşmagyna getirýär. Şonuň üçinem köpräk hereket etmegimiz zerurdyr. Hereketli durmuş — bu tämiz howada gezelenç etmek, tebigata […]
Uzynlyk ölçegleri
Türkmen gelin-gyzlary gadym döwürlerden bäri keteni, göwderi, serindi, gyrmyzy donluk, düýpli gyňaç we beýleki matalary elde dokamak bilen meşgullanyp gelipdirler. Bu senedi ussatlarça ele alyp, ony sungat derejesine ýetiripdirler. Olar şol matalary ýüwürdenlerinde, dokanlarynda ir döwürlerde halk arasynda ulanylýan birnäçe ölçeg birliklerinden peýdalanypdyrlar. Garyş — başam barmak bilen külembikäniň doly gerlen aralygy. Ol hemme adamda […]
Gök öwüsýär otlary
Adaty düýedaban — düýedabanlar maşgalasyndan bolup, boýy 40 — 80 santimetre ýetýän, köpýyllyk otjumak ösümlik. Ol aprel — iýun aýlary gülleýär we maý — awgust aýlarynda miweleýär. Ösümlik goraghananyň Uzynşor kölüniň töwereginde, Ýedihowuzda, Gulantakyr meýdançasynda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suw akabasynyň ugrunda, Sarygamyş çäkli goraghananyň meýdanlarynda, welaýatymyzyň medeni-oturymly ýerlerinde giňden ýaýrandyr. Türkmen halk lukmançylygynda adaty […]
Jeýhun boýlarynyň gözelligi
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, özboluşly gözellik dünýäsi bar. Onuň daglary-baglary, deňiz-derýalary täsinden-täsin, gaýtalanmajak görnüşleri bilen haýran galdyrýar. Halkymyza peşgeş berlen bu baýlyklar uzak ýyllaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, aýawly saklanylyp gelinýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň şeýle bibaha tebigatyny goramak, ony geljek nesillerimize has tämiz görnüşde ýetirmek ugrunda uly […]
Bagy-bossan gözel Diýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän çäklerinde dürli görnüşli baglaryň ýaşyl zolaklary, tokaýlaryň we owadan gülleriň eýeleýän meýdany barha artýar. Çöllük ýerlerimiz hem ýyl-ýyldan özgerýär. Bu çäklerde sazak, gandym, çerkez ýaly ösümlikler ekilýär. Bag ekmek boýunça her ýyl geçirilýän köpçülikleýin çäreler bu tokaý meýdanlarynyň çägini giňeldip, olar halkyň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesine […]
Bakjadaky melhemler
Gök we bakja önümlerini ter görnüşde günde-günaşa iýýän, şiresini içýän adamlaryň aşgazany, içegeleri sagdyn bolýar. Olar aşgazan şiresiniň we ödüň işlenilip çykarylmagyna itergi berýärler. Käşiriň we şugundyryň şiresi aşgazanyň turşulygyny peseldýär. Kelem şiresi aşgazanda dörän agyryny köşeşdirýär, ýürek bulanmany aýyrýar, gusmanyň öňüni alýar. Aşgazan-içege kesellerine duçar bolan syrkawyň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär. Ýeralmanyň şiresi aşgazan […]