Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlardan halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere uly üns berilýär. Şu maksat bilen, golaýda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Dürli görnüşli adatdan daşary […]
Месяц: Июнь 2021
UZAK ÝAŞLY BAGBAN BALÇY
Baga ideg edip, ondan bereket tapýan bagbanlaryň biri-de Täçmämet Goýçyýewdir. Ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýar. Täçmämet bagban ýylyň-ýylyna maşgala agzalary bilen dürli görnüşdäki miweli baglaryna janypkeşlikli hyzmat etmegi başarýar. Biz golaýda ussat bagban bilen bag, bagbançylyk dogrusynda özara söhbet edenimizde ol: — Meniň bir asyry arka atan kakama Goýçy […]
YLYM-BILIM — ROWAÇLYGYŇ GOŞA GANATY
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda ýurdumyzda her ýyl giňden bellenýän Ylymlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Welaýat, Daşoguz şäher häkimlikleriniň, şeýle-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guran bu dabaraly çäresinde gutlaglara beslenen çykyşlara giň orun berildi. Baýramçylyk mynasybetli, TOHI-niň «Bagtyýarlyk joşguny» atly döredijilik toparynyň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite […]
BILIM BELENTLIKLERINE TARAP
Şu günler ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatyň orta mekdepleriniň uçurymlary öz durmuşlarynda tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Ýürekleri joşgunly, nurana geljege ynamly ýaşlar bellenen dersler boýunça gutardyş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, 11 ýyllap alan bilimleriniň netijelerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim jemgyýetimiziň döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň işini has-da […]
TALYP GYZYŇ ÜSTÜNLIGI
Ylymlar gününde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň köp sanlysyna Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlary gowşuryldy. Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Bäşimowa bäsleşige «Ders […]
KEÇE WE ONUŇ GÖRNÜŞLERI
«Halkymyz maldarçylyk önümlerini, esasan hem, derini we ýüňi gaýtadan işlemegi sungat derejesine ýetiripdir» diýilse, artdyryp aýdyldygy bolmaz. Aýratyn-da, ýüňi gaýtadan işläp, önüm öndürmekdäki halk tejribesi has üns bererlikdir. Olaryň içinde keçe we keçe önümleri saldamly orny tutýar. Olar örän köp görnüşli bolup, ulanylýan maksadyna görä dürlüçe atlandyrylypdyr. Düýpkeçe — ak öýleriň törüne düşemek üçin, ýörite […]
GYZ EDEBI — IL EDEBI
Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylýar. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: «Gyz edebi — il edebi» diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiňiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt. Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir […]
TEBIGATA SÖÝGINIŇ BEÝANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrundaky «Derekli bag» diýlip atlandyrylýan bag-bakjaly meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasy uly şowhun-şagalaňa beslendi. Baýramçylyk dabarasyna welaýatyň çäklerinde daşky gurşawy goramak boýunça iş alyp barýan döwlet edaralarynyň, meýletin guramalaryň wekilleri, işjeňleri, başga ugurlarda zähmet çekip, gözel tebigatymyzyň baýlaşdyrylmagyna, […]
BEREKET-BOLÇULYGYŇ GÖZBAŞY
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, düýn Daşoguz welaýatynda bugdaý oragyna girişildi Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan ylmy-önümçilik maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Oňa welaýat, etrap häkimlikleriniň, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Maslahatda bugdaý oragyna girişmäge beren ak patasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş […]
«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň ÝAZGYSY
«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly güberçek görnüşinde ýerine ýetirilen sekizburçlukdan ybaratdyr. Ýubileý medalynyň umumy diametri 44.75 mm. Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň arasynda nagyşlaryň üstüne çykyp duran kiçijik sekizburçly ýyldyzyň altyn çaýylan üç sany burçy ýerleşdirilen. Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň daşky burçy ýaşyl reňk bilen syrçalanyp, onuň içki bölegine altyn we […]