1-nji sentýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen Lideriniň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Ol türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna, häzirki döwürdäki ösüşlerine hem-de ýaşlaryň öňünde durýan wezipelerdir borçlara bagyşlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Ýaşlara bilime, ylma, pähim-paýhasa, öwrenmäge mydama höwesli bolmagy öwüt berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama täzeden makullanyldy. Şeýle hem biziň başlangyjymyz bilen 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi diýlip, çykyşda nygtaldy.
Türkmen Lideri “Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir” diýip, ýaşlara nesihat berdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlara ýüzlenip: “Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir. Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýdi.
Umuman, türkmen Lideriniň çykyşynda döwlet syýasatynyň ähli ugurlary boýunça gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, amala aşyrylýan milli maksatnamalar, Türkmenistanyň taryhy, beýik şahsyýetleriň gymmatly mirasy we beýleki möhüm ugurlar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda goşgy setirlerine, nakyllara we rowaýatlara ýüzlenmek bilen, ýaşlary watansöýüjilige we ýokary ahlaklylyga, halkyň bähbidine hyzmat etmäge çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen Lideri umumy sapak boýunça ýaşlarda ýüze çykan sowallar bilen gyzyklanyp, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň käbiriniň oý-pikirlerini diňledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowallaryny hat üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna iberip biljekdiklerine ünsi çekdi.

Автор записи: admin