MAGTYMGULY, SÖZLE BU ŞIRIN DILDE

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynda özboluşly şahyrana dünýä döredip bilen beýik şahyrdyr. Onuň goşgulary türkmen edebiýatynyň bagy-bossanlygynda baky solmaýan ter güllere meňzäp, göwünlere gözellik, terlik bagyşlaýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň gadyr-gymmaty ähli döwürlerde-de öz ähmiýetini ýitirenok. «…Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýen şahyr türkmen halkynyň şunuň ýaly bagtly eýýamyny, mizemez döwletli-döwranly döwrüni göz öňünde tutandyr. […]

«DAŞOGUZ» ŞYPAHANASY — HALKYŇ HYZMATYNDA

Howasy tenekar, ot-çöpi melhem gözel Diýarymyz şypahanalara, dynç alyş merkezlerine baý ülkedir. Ýurdumyzyň her bir künjeginiň ynsan saglygyna ýaramly täsir edýän tebigat gurşawynyň bardygy hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan melhemler mekany» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzyň jana şypaly, goýny sapaly döwrebap şypahanalary tomusky dynç alyş möwsüminde has-da gelim-gidimli bolýar. «Daşoguz» şypahanasynda hem häzirki günlerde […]

BAKY BAGTYŇ ŞÄHERI

Taryhy çeşmelere laýyklykda, paýtagt şäherimiz Aşgabat 1881-nji ýylda şol wagtky Aşgabat diýen obanyň ýerine harby berkitme hökmünde gurlup başlanýar. Goňşy obanyň we gadymy Aşgabat galasynyň ady bilen bu harby berkitme hem Aşgabat diýlip atlandyrylypdyr. 1882-nji ýylda resmi iş kagyzlarynda ilkinji gezek «Aşgabat şäheri» diýen at peýda bolýar. Özüniň 140 ýyllyk taryhynyň gözbaşynda bary-ýogy 800 öýli […]

ÝYLYŇ ÄHLI PASYLLARYNDA SAGLYGYŇYZY GORAMAK ÜÇIN MASLAHATLAR:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli. 3.Pasyllara görä geýinmeli we […]

GYZYM BAR, GYZYL GÜLÜM BAR

Kerwen agadyr Gyrmyzy gelnejäniň işigine üçünji sapar gyz idelip gelindi. Göräýmäge, sypaýy, epeý, salyhatly görünýän sawçylar, turuwbaşdan, gyz berilmese, elini çekjek däldiklerini duýdurjak bolýana çalymdaş, özleriniň sylanýan ýerdendiklerini öwran-öwran nygtadylar. Öý eýeleri soraşyp-ideşjekdiklerini aýdyp, olary zordan ugratdylar. Gyzlaryndan rugsat sorara salym geçirmän, ýene-de üstüni basdylar. Gyrmyzy gelneje adamsynyň ýüzüne seretse, olam haýran bolup, aýalynyň ýüzüne […]

ÖSÜŞLERE BAÝDYR GÖZEL DIÝARYM

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, «Ösüşlere baýdyr gözel Diýarym!» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Sergide eziz Watanymyzyň ösüşlerini we Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran özgertmelerini, gözel tebigatymyzy, […]

SOŇKY JAŇ

Ýetip geldi «Soňky jaň», Diýýäs saňa: «Hoş mekdep!». Keşbiň galar gözlerde, Mysaly ak guş mekdep. Mekdebim, ojagy sen Terbiýäniň, bilimiň. Kalplaryň keşdesi sen, Senasysyň dilimiň. Ýene geler durarys, Ýatlap mekdep ýyllarmyz. Sag boluň, mugallymlar, Dert görmesin ellerňiz! Biziň üçin nusgalyk Görelde siz, mekdebim. Beren bilim-terbiýäň Ýörelgedir, mekdebim! Synlaň, uçurymlarňyz Has hem bagtly görünýär. Ýüreklerde müdim […]

DURMUŞ MEKDEBINE ILKINJI ÄDIM

Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki döwrebap ak mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Mekdep durmuşy bilen hoşlaşyp, durmuş mekdebine sary ynamly gadam basýan ýaşlary, olaryň ýüzlerindäki ýylgyryşy, gözlerindäki şatlygy synlanyňda, bagtdan püre-pür kalbyna nazar aýlan ýaly bolýarsyň. Olar, hakykatdan hem, berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary. Gözel Diýarymyzyň geljegi, aýdyň ertiri hasaplanýan bagtyýar ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň […]

Baky bitewüligiň sarsmaz binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdan-toýa barýan merdana türkmen halkymyz bu gün goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryny uludan tutýar. Bu şanly sene iki mukaddesligiň baýramynyň bir günde bellenip geçilýändigi üçin taryhy ähmiýetlidir. Sebäbi Konstitusiýamyz halkymyzyň azatlygyny, özygtyýarlylygyny, erkinligini, zähmet hem durmuş goraglylygyny kepillendirse, […]

Ak öýüň ak binasy

Daşoguz welaýat merkeziniň görnükli künjeginde, «Daşoguz» myhmanhanasynyň garşysynda bu binanyň gurluşyk işleri alnyp barylýan, jemi 10,85 gektar meýdany eýeleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki günlerde binanyň gurluşygy giň gerimde, toplumlaýyn dowam etdirilip, bellenen meýilnamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Desganyň daşky görnüşinde türkmen halkynyň milli binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulypdyr. […]